Habarlar

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam eder.
30 Ýan
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam eder.

      Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň    2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň energetika ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän we deňhukukly hyzmatdaşlygyň we XXI asyrda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

     Geçen ýylyň 25-26-njy noýabrynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Tokio şäherinde geçirilen mejlisinde ýurdumyz 2017-nji ýyl üçin bu Guramanyň konferensiýasynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanyldy.

    Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi boýunça Konsepsiýasynda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň energiýa serişdeleriniň çeşmeleriniň köpdürliligini üpjün etmek, olaryň çägini giňeltmek; energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we olary aýawly saklamak maksady bilen, täzeçil tehnologiýalary we dolandyryş usullaryny ulanmak; daşky gurşawy goramagy we energiýanyň täzelenýän çeşmelerini ulanmagy üpjün etmek maksady bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek; energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarly ulgamyny döretmek üçin olaryň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegini deňhukukly we täjirçilik taýdan esaslandyrylan ýörelgelere görä amala aşyrmak; halkara energetika hyzmatdaşlygynda maýa goýum işlerini ösdürmek maksady bilen, energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek we olary goramak boýunça degişli işleri geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi.