Düýn Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, işewürlik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işleri «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Binanyň taslamasy dört sany okuw binalaryndan we hersi 300 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýlaryndan, şeýle hem kitaphanadan, naharhanadan, ýapyk we açyk sport desgalaryndan ybarat döwrebap toplumyň gurluşygyny öz içine alýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Merkezi banky «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz berer.
Binany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Täze ýokary okuw mekdebi Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji jaýy salgysy boýunça ýerleşer.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylyň martynda esaslandyryldy we telekeçilik işini eýeçiligiň hususy görnüşi esasynda alyp barýan senagatçylary we telekeçileri birleşdirýän, agzalarynyň hukuklaryny we kanuny gyzyklanmalaryny beýan etmek hem-de goramak wezipesini ýerine ýetirýän, ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegine goşant goşýan jemgyýetçilik guramasydyr.