Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
7 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahaty geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmegi Konstitusiýamyza laýyklykda çaltlandyrmagy öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Döwlet diňe ýurdumyzyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek boýunça häkimiýet ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin, zerur bolan emlägi dolandyrmalydyr.

Diňe diwersifikasiýa ýoly bilen dürli görnüşde ösdürilýän ykdysadyýetiň uzak möhletli geljek üçin durnukly boljagy aýdyňdyr.

 Öz möwritini geçiren, bäsleşige ukypsyz önümçilikleri aradan aýyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Innowasiýalara we täze tehnologiýalara esaslanan ykdysady gurşawy döretmeli. Döwletimiz ählumumy bazarda mynasyp orny eýelär ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi düýpli çaltlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin gyssagly çözmeli wezipeleriň diňe bir böleginiň beýan edilendigini nygtady. Milli Liderimiz esasy wezipäniň häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen hil taýdan ösmegini hem-de ýokary göterilmegini üpjün etmäge ukyply täze ýolbaşçylaryň we täze döwlet maksatnamalarynyň zerur bolup durýandygy bilen baglydygyny belledi.





Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi