Habar

2022-nji ýylda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) we Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasy (THADA) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Gullukda hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň Üstaşyr modulyny «TIR-EPD» maglumat ulgamy bilen utgaşdyryp, işe girizdi. Şeýle hem, «TIR» kitapçasy ulanmak bilen, halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleri üçin ýörite «Ýaşyl geçelgeler» döredildi.

Gullukda «Ýaşyl geçelgeleriň» işe girizilmegi bilen, «TIR» kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleriň ýurdumyzyň gümrük çägine geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde ýerine ýetirilýär.

«TIR-EPD» maglumat ulgamynyň Gullugyň «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen birikdirilmegi hem-de «Ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi, halkara ýükleriň daşamalaryny amala aşyrýan ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň çaltlandyrylmagyna mümkinçilik döredip, ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, halkara ýük daşamalarynda ýurdumyzyň sebitdäki we halkara logistik zynjyryndaky ähmiýetini has-da artdyrmaga, netijede bolsa halkara söwdanyň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine we ösmegine ýardam berer.