Habar

Watan goragçylar güni mynasybetli, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda DZÝUDO hem-de KARATEDO boýunça Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň çempionaty geçirildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan guramaçylykly gurnalan sport çärelerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem ýokary ussatlyk derejelerini görkezmegi başardylar.

Ýaryşyň jemi boýunça  sportuň DZÝUDO görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçy maýor Azizjan Hojakulyýew 90 kg. agramda çykyş edip baýrakly II orna, leýtenant Nazar Kerimow 100 kg. agramda çykyş edip baýrakly                       III orna mynasyp boldular.

Bulardan başgada, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «GÜMRÜKÇI» sport topary «Türnik çekmek», «Tanap çekişmek» boýunça sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara işjeň gatnaşyp ussatlyk derejelerini görkezmegi başardylar.