Ýakynda Mary welaýat gümrükhanasynyň çäginde geçirilen okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Okuw-maslahatynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlik durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi. Bu ugurda, gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, kanunçylygyň kämilleşdirmegi bilen, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi.
Okuw-maslahatynyň barşynda, Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän wideoýazgylara syn edildi.