Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýup gelen Türkmenistanyň geljekde hem asyrlarboýy doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan türkmen we azerbaýjan halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar.

Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, ýylsaýyn özgerýän hem-de gözelligi bilen haýran edýän türkmen paýtagty Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünliklere eýe bolan kuwwatly Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz hem-de «SOCAR» kompaniýasynyň ýolbaşçysy biri-birine hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.