Habar

    Bilişimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziñ öňden görüjilikli başlangyçlary boýunça berkarar döwletimizde durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň, dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine itergi berýär.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döredilýän amatly şertleriň netijesinde, Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan eksport harytlarynyň gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, Gullugyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda eksport harytlaryny elektron görnüşde resmileşdirmek, şol sanda gümrük töleglerini awtomatik usulda hasaplamak, resminamalary sanly ulgam arkaly doldurmak işleri ýola goýuldy. Bu bolsa, ýurdumyzdan daşarky bazara iberilýän harytlaryň gümrük amallaryny gysga wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

   Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän "Altyn tug" hususy kärhanasy hem gök-bakja önümleriň "pomidoryň" eksportyny ösdürmeklige uly goşandyny goşýar. Bu hususy kärhanasynda ösdürilip ýetişdirlen gök-bakja önümleriň "pomidoryň" eksporty edilýär. "Altyn tug" hususy kärhanasynyň zähmetkeşleri, ýurdumyzda önüm öndürijiler üçin döredilýän amatly şertler hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawlar üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar!