Habarlar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
12 Few
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary we Aşgabat şäherini 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere garaldy.



Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimize Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen paýtagtyny toplumlaýyn esasda ösdürmek wе abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň paýtagtymyzy şähergurluşyk-binagärlik taýdan ösdürmäge, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.



Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimize ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11-14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradylýandygyny belledi. Milli Liderimiz öňde boljak forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilen hökümetara resminamalaryň taslamalaryny makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça ony degişli ýolbaşçylara ugratdy. Hormatly Prezidentimiz Germaniýa bilen söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtap, innowasiýa ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň nemes kompaniýalarynyň iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.



Soňra Milli Liderimize ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de Bitarap Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi.



Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, dünýä bileleşiginiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň ýardam berýändigini we ähli ýurtlar bilen deňhukuklylyk, özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz möhüm ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde herekete girizmek maksady bilen, yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



 



http://www.turkmenistan.gov.tm