Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy
15 Few
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy

2019-njy ýyyň 14-nji fewralynda paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. 

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeler barada aýtdy. 

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu meselede ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny belledi. Sebäbi ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, Ýaşlar guramasy has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny ebedileşdirmegi teklip etdi.



http://www.turkmenistan.gov.tm