Habarlar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk duşuşygy boldy
21 Few
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk duşuşygy boldy

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Baştutanlary halkara we sebitdäki derwaýys meselelere, şol sanda Owganystanda parahatçylygy gazanmak üçin Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň orny we geljegi, şeýle hem türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalary ýagny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirjileri hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki–Hamýap–Garkyn elektrik geçiriji ulgamy taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn mümkinçiliklerini hem-de gurlan Kerki-Ymamnazar-Akina, Serhetabat-Turgundy geljekde Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ondan gowrak resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şol resminamalaryň içinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga hem gol çekildi.



www.mfa.gov.tm