Habarlar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
25 Few
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaçanyň ýaz ekişine, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz berlen hasabatlary diňlap, welaýatlarda oba hojalygynda alnyp barylýan işler, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk görmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeler berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi.

Saparyň çäklerinde geçirilen hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisiniň dowamynda söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meseleleri hem-de söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk hem-de standartlaşdyrma ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ählumumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebitiň we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistan üçin wajyp hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar deňhukuklylyk we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýum işini artdyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Hormatly Prezidentimize Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Türkmenistan bu gazna 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň awgustynda ýurdumyzda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk gazna gatnaşyjy ýurtlaryň gadymy dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ýola goýulýan we ählumumy bähbide laýyk gelýän işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyna güwä geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aral meselesini ýeňip geçmek boýunça öňde durýan wezipeleriň özara ylalaşykly çözgüdini taýýarlamak maksady bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna agza ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmakda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.



http://www.turkmenistan.gov.tm