Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi
26 Few
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gepleşigiň dowamynda 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji duşuşygyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, suw diplomatiýasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň suw gorlaryny aýawly saklamagyň we netijeli peýdalanmak bu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigi nygtaldy.

Iki ýurduň Baştutanlary Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamakda hem-de BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça köp hyzmatdaşly trast gaznasyny döretmek hakynda başlangyjy amala aşyrmakda gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.



http://www.turkmenistan.gov.tm