Habarlar

Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde
28 Few
Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler.

Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriň gelen netijesine görä, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýa babatda has amatly hasaplanýandygyny bellemek gerek. Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda we tutuşlygyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara hem-de sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Awazada geçiriljek forum daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de olaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin oňat meýdança öwrüler.



www.turkmenistan.gov.tm