Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen resminamalar
2 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen resminamalar

2019-njy ýylyň 1-nji martynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalar kabul edildi. Bu barada Türkmensitan Altyn asyr saýty habar berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1136-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi.

Döwlet mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky Düzgünnama hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.