Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy
4 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň 3-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyza wekilçilik edip, ýaryşlara gatnaşjak türgenleriň seçilip alnyşy hem-de olaryň sanawy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary hem bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenlerimiziň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak ugrunda tagalla gaýgyrmaly däldigini nygtady. Taýýarlyk görmek üçin hemme zerur şertler döredilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumyndaky mümkinçilikleri has doly peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz türgenleriň ruhy-ahlak taýdan taýýarlanylmagynyň hem örän möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen türgenleri watansöýüjilik, halkymyza, Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny esasy ýörelge edinmelidirler. Olar Türkmenistanyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda dünýä derejeli abraýa eýe bolýandygyny subut etmelidirler.

Munuň üçin bolsa ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary watansöýüjilik ruhuna laýyk gelýän ýörelgeler, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine taýýarlyk bilen utgaşdyrylmalydyr. Bu işde taryha, gahryman pederlerimiziň durmuş tejribesine, milli gahrymanlarymyzyň göreldesine salgylanmak gerek. Şeýle mysallaryň işjeň ulanylmagy watançylyk duýgusyny artdyrýan, taryhy hakydany ebedileşdirýän aň-düşünjäni dartgynly tälimler bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary barada aýdyp, halkara derejedäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly kararyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkara ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek hem-de Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak her bir türgeniň mukaddes borjudyr.