Habar

2024-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 12-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) ýardam bermeginde Ygtyýarly ykdysady operator (YYO) maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çärä, Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasynyň işi boýunça jogapkär Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny Türkmenistanda ornaşdyrmakda ýardam bermek maksady bilen bu çäre Bütindünýä gümrük guramasynyň YYO boýunça tehniki maslahatçylary Italiýanyň gümrük we monopoliýalar boýunça agentliginiň işgäri Gaetano Sassone hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň işgäri Dongsuk Kim tarapyndan geçirildi.

Bäş günlik okuw çäresiniň dowamynda dürli mowzuklarda sessiýalar geçirildi, şol sanda Bütindünýä gümrük guramasynyň Çarçuwaly SAFE standartlary, Türkmenistanda YYO maksatnamasyny ornaşdyrmak, YYO-lary ykrar etmek boýunça gollanma, YYO-lary özara ykrar etmek barada Ylalaşyklar hem-de bu mowzuklar boýunça Gullugyň işgärleriniň bilimini ýokarlandyrmak we okuw çärelerini geçirmek ýaly meseleleriň üstünde jikme-jik durulyp geçildi. Netijeli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi boýunça bilermenler biziň ýurdumyzda YYO maksatnamasyny has-da ösdürmek üçin maslahatlaryny we tekliplerini taýýarladylar.

Bu okuw çäresi, YYO maksatnamasyny Türkmenistanda işe girizmegiň meselelerini öwrenmäge oňat mümkinçilik döretdi. Bütindünýä gümrük guramasynyň bu tehniki ýardamy Hytaýyň gümrük hyzmatdaşlygy gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilmeginde geçirildi.