Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7 Mar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň iki aýynda geçiren işleriniň netijeleri girizildi, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler bellenildi diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi saýty habar berýär.

Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük edaralaryny döwletimiziň serhetlerinden geçýän ýüklere berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Bu gün Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň geostrategik orny giňelýär diýip, milli Liderimiz işleriň möçberiniň artmagy bilen baglylykda, gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekip, birnäçe görkezmeleri, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň has oňat barlanmagyny üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi.