Habar

Ýurdumyzyň  gümrük serhedinden harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmegini ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny has-da ýönekeýleşdirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi esasan gümrük amallaryny doly sanlylaşdyrmak, gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak we iň täze gümrük barlag enjamlaryny satyn alyp işe ornaşdyrmak ýaly ugurlara gönükdirildi.

«Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi bilen gümrük nokatlarynyň işiniň netijeliligi ýokarlandy. Munuň özi ýurdumyzyň haryt dolanyşygyna oňyn täsirini ýetirýär. Goňşy döwletleriň ählisi bilen haryt dolanyşygyň möçberleri birnäçe esse köpeldi.

Mysal üçin, şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygyň möçberi geçen ýylyň degişli  döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy, Owganystan bilen bolsa 27% we Özbegistan Respublikasy bilen 19% artdy. Hazar deňziniň üsti bilen ýurdumyza getirilýän we alnyp gidilýän harytlaryň möçberi hem 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2% artdy.