Habarlar

Astanada ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
14 Mar
Astanada ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Astana şäherinde Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Mejlise gatnaşyjylar Toparyň işi söwda-ydysady, energetika we ulag ugurlarynda, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýiş senagatlarynda ähli göwrümleýin hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge güýçli itergi berjekdigne ynamyny beýan etdiler. Hususan hem, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, eksport we üstaşyr işlerini köpeltmek we üpjün edilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny we göwrümini artdyrmak boýunça ylalaşylan çäreleriň görülmeginiň zerurlygy bellenildi.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.