Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli tamamladylar
15 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli tamamladylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen gullukçyla 2019-njy ýylyň 15-nji martynda hünär taýýarlyk okuwyny üstünlikli tamamladylar. Bu mynasybetli Okuw merkezinde dabaraly çäre geçirildi. Dabarada okuw kursuny tamamlan harby gullukçylara güwanamalar gowşuryldy. 

Işgärleri taýýarlamak meselesi bu günki gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde duran möhüm meseleleriň hem-de ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçýän hemişelik özgertmeler täze hünär bilimini talap edýär.

Okuw merkezi tarapyndan bu ugurda maksada okgunly işler yzygiderli alnyp barylýar. Täze saýlanyp alnan toparyň synagdan üstünlikli geçmegi, Okuw merkeziniň okadýan hünärmenelriniň ýokary netijeli işiniň subutnamasy boldy. 

Dabara mynasybetli okuwy tamamlan harby gullukçylar mähriban Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylygyň mukaddes kasamyny ýerine ýetirdiler.