Habar

2024-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMСA) maksatnamasynyň guramagynda Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek boýunça milli seminar geçirildi.
Bu seminara elektron okuw, distansion okuw ýaly ugurlarda metodologiýany, okuw usulyýet materiallaryny ösdürmäge jogapkär öňdebaryjy hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle hem bu seminara Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan degişli hünärmenler gatnaşdylar.

Seminara gatnaşyjylar Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek boýunça, şeýle hem okuw netijelerine we gatnaşyjylara bilim almaklyga gönükdirilen maglumatlary hem-de bu ugurda tejribe alyşdylar.

Seminaryň ahyrynda, gatnaşyjylar Harytlaryň beýan edilişiniň we kodlaşdyrylyşynyň sazlaşdyrylan ulgamyna laýyklykda harytlary toparlara bölmek ulgamynda nazary we amaly başarnyklaryny ösdürdiler.