Habar

2024-nji ýylyň 20-22-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde ýükleriň gözegçiligi boýunça tejribe alyşmak sapary bolup geçdi. Sapar Taýland Patyşalygyna Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük edaralarynyň zenan işgärleri üçin guraldy.

Çäräniň maksady, Bangkok we Laýem Çabang portlarynda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň konteýnere gözegçilik etmek babatynda iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşmak, iki sebitiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly maksatnamasynyň zenan hünärmenler torunyň çäklerinde özara hereketi işjeňleşdirmek.

Tejribe alyşmak saparyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük edaralarynyň zenan işgärleri  gatnaşdy.

Wekiliýetler Bangkok we Laýem Çabang deňiz portlarynda hereket edýän Port gözegçilik toparynyň agzalary bilen duşuşdylar, özara tejribe alyşdylar hem-de portlaryň alyp barýan işi, şol ýerde gurnalan maglumat tehnologiýalaryň, gümrük gözegçilik enjamlarynyň ulanylyşyny, konteýnerelere we demir ýol wagonlara amala aşyrylýan gözegçiligiň alnyp barylyşyny gördüler. 2015-nji ýylda döredilen Port gözegçilik toparlarynyň işiniň ýöredilişi, hususan-da toparlaryň zenan agzalarynyň alyp barýan işi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Taýland Patyşalygyna tejribe alyşmak sapary Bangkok şäherindäki Gümrük akademiýasyna baryp görmek bilen tamamlandy. Ol ýerde Akademiýanyň müdiri we mugallymlary çykyş edip, Gümrük akademiýasynda işleriň guralyşy bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de bu ýerde Taýlandyň gümrük edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýän zenan işgärleri bilen press-konferensiýa geçirildi.