Habarlar

Çoganlyda iri şäher döredilýär
26 Mar
Çoganlyda iri şäher döredilýär

Türkmen Döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, 2019-njy ýylyň   25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň tasmalary bilen tanyşdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz taslamalaryň bäş görnüşini bilen içgin tanyşdy, olar ilatyň ösüşiniň, durmuş, ykdysady, ekologiýa we estetiki şertleri hasaba alnyp, işlenip taýýarlanyldy. Bu taslamalarda milli binagärlik we dünýä şäher gurluşygynyň häzirki zaman meýilleri öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimiz bu giň gerimli täze gurluşyklaryň taslamasyny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň binagärleriniň, gurluşykçylarynyň, telekeçileriniň we talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz häzirki zaman şähergurluşyk taslamalaryny taýýarlamak we amala aşyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Ugurdaş edaralar, bu ulgamda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilendir, ähli mümkinçiliklere we şertlere eýedir, şol sebäpli hem bäsleşige diňe bir ussat binagärler däl-de, zehinli talyp ýaşlar hem gatnaşyp bilerler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara garamagyň we ara alyp maslahatlaşmagyň jemlerini jemläp, degişli ýolbaşçylara täze şäherçäniň ulag kommunikasiýalary babatynda anyk tabşyryklary berdi hem-de şäher gurluşygynyň ähli ugurlaryna hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini ýene bir gezek nygtap, bu işde ýaşlara aýratyn umyt baglanylýandygyny belledi.