Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen birlikde, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Iş duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Taraplar bu geçirilýän iş duşuşygynyň ýokary ähmiýetini belläp, harytlaryň gümrük nokatlaryndan bikanun geçirilmegine garşy göreş işleriniň alnyp barlyşy, harytlar gümrük serhetlerinden geçirilende töwekgelçilikleri aradan aýyrmak, sebitara maglumat alyş-çalşygynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hem özara pikir alyşdylar. 

«Merkezi Aziýa-Hytaý» gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň bu duşuşygy ýokary netijelere beslendi.