2024-nji ýylyň 12-14-nji noýabry aralygynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Tehnologiýa Konferensiýasy we Sergisi 2024 “Sanly Çäkler: Gümrükleriň Adaty we Täze Hyzmatdaşlar Bilen Innowasiýany Özüne Siňdirmegi” şygary bilen geçirildi. Bu Tehnologiýa konferensiýasy 117 ýurtdan 1300-e golaý gatnaşyjyny özünde jemledi. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň iki sany wekili gatnaşdy.
Bu çäre Braziliýanyň Federal girdejiler sekretariaty tarapyndan geçirildi we hususy pudagyň kompaniýalary, şol sanda konferensiýanyň hemaýatkäri Webb Fontaine bilen bilelikde guraldy. Maslahat bilen bilelikde dowam edýän sergide gümrük amallaryny güýçlendirmek üçin döredilen iň täze tehnologiki çözgütleri görkezýän 54 stend görkezildi.
Açylyşda Braziliýanyň Federal girdejileriniň sekretariatynyň gümrük gullugynyň geňeşçisi Klodia Thomaz we Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ian Saunders çykyş etdiler.
Açylyş dabarasyndan soň “Hyzmatdaşlyk we üznüksiz söwda üçin innowasiýa arkaly täze tehnologiýa” atly ýokary derejeli tegelek stol gurnaldy. Onda çykyş edenler, gümrük amallaryny özgertmekde netijeliligi ýokarlandyrmak, hakyky wagtda töwekgelçiligi dolandyrmagy gowulandyrmak we serhetüsti hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek üçin anyk strategiýalary görkezmek bilen, maglumatlara esaslanýan innowasiýalaryň we täze tehnologiýalaryň möhüm ornuny bellediler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar dünýä söwdasyny ýeňilleşdirmek üçin sanly çözgütleri öwrenmäge we “Bir penjire” ulgamynyň täze tekliplerini we mümkinçiliklerini bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Maslahatda gümrük çäginde ornaşdyrylan emeli intellekte uly orun berildi. Şonda emeli intellekte bildirilýän talaplar, şertler, töwekgelçilikleri we ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar ara alyp maslahatlaşdy.