Habarlar

Aşgabatda ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygy bellenildi
17 Apr
Aşgabatda ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygy bellenildi

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Bu senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler «Ýigrimi ýyl hereketde!» şygar astynda geçirilýär.

Forum Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip, umumydünýä ösüşine oňyn täsirini ýetirmek ugrunda çykyş edýär. 

ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, Slowakiýanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliýetiniň birinji kätibi Tomaş Biçan we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri hem-de halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Natalýa Drozd öz çykyşynda Türkmenistan bilen ÝHHG özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine uly ähmiýet berýärler hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça doly derejeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyrlar diýip belledi. 

Çykyş edenler bilelikde geçirilen işiň möhümdigi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň merkeziniň möhüm meseleleri —2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekde, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny, Aral deňzi meselesini çözmegi, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagy, adam hukuklaryny goramagy, terrorçylyga, ýaragyň we neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy durmagy, şeýle hem ekologiýa taslamalaryny goldamagy hem-de ilerletmegi üpjün etmegiň gurallaryny döretmegiň we ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryň oňyn netijelerini bellediler.