2024-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Çäre, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi.
Duşuşygyň maksady okatmagyň innowasion usullary bilen paýlaşmak, okuw işine emeli aň ýaly täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň serhetçileri we gümrükçileri hem-de Ýewropadan bilermenler okatmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşdylar we işgärleri taýýarlamakda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada söhbetdeşlik etdiler.
Duşuşykda okatmakda emeli aňyň ulanylyşy, işgärleriň ruhy taýýarlygy we ugurda geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň netijesi boýunça, 2025-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklandy.