Gümrük habarlary

Sebitara bilermenler duşuşygy
24 Apr
Sebitara bilermenler duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň  wekilleri 2019-njy ýylyň 16-18-njy aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «Serhetlerde howpsyzlygy üpjün etmek we daşary ýurtly terrorçylara garşy göreşmek maksady bilen, ýollagçylar barada deslapky maglumaty, ýollagçylaryň hasaba alnan ýazgylaryndan we biometrik maglumatlary toplamak boýunça ulgamyny ulanmak» ady bilen geçirilen Sebitara bilermenler duşuşygyna gatnaşdylar. 

Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we Jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan geçirildi. 

Duşuşygyň Gün teribine laýyklyda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2396 (2017) Rezolýusiýasy, şol sanda maglumat alyşmak üçin API/PNR degişli bölegi bilen tanyşdyryldy. Merkezi Aziýanyň bilermenleri serhetleriň howpsuzlygy we daşary ýurtly terrorçylara garşy göreşmek babatynda görülýän çäreler we köptaraplaýyn çemeleşmeler barada çykyş etdiler.