Habarlar

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady
24 Apr
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem jenap Kasym Mohamed Salim Al Salhi Mejlisiň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Omanyň ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda söwda, işewür we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyň bardygy bellenildi.