Habarlar

Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar
26 Apr
Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habr bermegine görä, 2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bellenilen möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.