Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
26 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

2019-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döredijilik işi döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleriniň tapgyryny dowam edip, döwrüň hem-de nesilleriň, ýurdumyzyň taryhynyň we şu gününiň, at aýratyn orun tutýan medeniýetiniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgusyna beslenendir. Bedew at halk döredijiliginde edebiýatda, şekillendiriş sungatynda we sazda, halkyň ruhunda dünýägaraýşynda, türkmenleriň aň-düşünjesiniň keşbinde we durmuşynda hemişe bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda milli atşynaslyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek, şolaryň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda, innowasiýalary ornaşdyrmak, halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça täze wezipeleri öňde goýýar