Gümrük habarlary

«Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty
29 Apr
«Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty

2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty  geçirildi. Bu okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň dürli edara guramalarynyň we ministrlikleriniň wekilleri, bu ugurda bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hususy önüm öndürijiler gatnaşdylar. 

Maslahatda çykyş edenler Döwlet Maksatnamasynyň esasy maksady we ondan gelip çykýan anyk wezipeleri durmuşa geçirmekligiň çäklerinde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan işler, eksport harytlaryň görnüşleri we olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça gümrük amallaryny kämilleşdirmekligiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle hem pudagara okuw-maslahatyna gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara pikir alyşdylar.