Gümrük habarlary

Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty
1 Maý
Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça Baku şäherindäki sebitleýin merkezi bilen bilelikde Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty öz işine başlady. 

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Bosniýa we Gersogowinanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň hem-de Albaniýanyň gümrük gulluklaryndan wekiller geldiler. 

Okuw-maslahatynyň maksady daşary ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda maglumat alyşmagy guramak boýunça işlerde iň oňat tejribeler bilen tanyşmak, tejribe alyşmak we bu bilen bagly ýüze çykyp biljek meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Maslahatyň dowamynda häzirki döwrüň möhüm wezipeleriň biri bolan sanly aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek dogrusynda hem anyk teklipler aýdyldy. 

Maslahat öz işini 2-nji maýda dowam eder.