
2025-nji ýylyň 7-nji martynda Gruziýanyň Premýer-ministri jenap Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň netijesi boýunça Gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Resminama iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda mundan beýläkki amaly hyzmatdaşlygyň kanuny esasyny düzýär.
Gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, taraplar gümrük kadalarynyň bozulmalaryna, şol sanda kontrabanda garşy göreş, serhetden geçirilýän harytlar we ulaglar serişdeleri barada elektron maglumat alyşmak, gümrük statistikasynyň maglumatlaryny seljermek we gümrük töwekgelçiligini dolandyrmak, özara tejribe alyşmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler.