Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy ýokary derejede geçirildi. Guramaçylykly geçirilen çärä Gullugyň düzümlerinde zähmet çekýän zenan harby gullukçylar we gelin-gyzlar, merdana Watan goragçylary uly buýsanç bilen gatnaşdylar.  Hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlaryny belent ruhda kabul eden zenan harby gullukçylar geljekde hem eden kasamlaryna wepaly bolup, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaraly çärede ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de watansöýüji nesilleri ösdürip ýetişdirmekde zenanlarymyzyň bitirýän aýratyn hyzmatlary uly joşgun bellenip geçildi. Şeýle-de bu ýerde mähriban gelin-gyzlarymyzy, edaly uýalarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar hem belentden-belent ýaňlandy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary Gullugyň merkezi edarasy bilen birlikde onuň garamagyndaky şäher we welaýat gümrükhanalarynda hem ýokary ruhda geçirildi.