Habarlar

Türkmenistanda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
20 Maý
Türkmenistanda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

2019-njy ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň şanyna dabaralar geçirildi diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. 

Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Milli Liderimiz Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy. Bu bina döwletiň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, türkmen halkynyň agzybirligini, onuň Watanymyzyň halkara abraýyny we şöhratyny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň bähbidine beýik işleri amala aşyrmaga bolan höwesini alamatlandyrýar.

Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Konstitusiýa binasyna gül goýdular.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak çäresi tamamlanansoň, dabara gatnaşyjylar dünýäde iň beýik baýdak sütünleriniň biri bolan uzynlygy 133 metr bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanyndaky baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan dabaralar, baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy.