Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi
22 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

2019-njy ýylyň 21-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi, diip TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň häzirki Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durmuş-ykdysady pudakda energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary hem-de sebitdäki möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň barşynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howplara hem-de wehimlere garşy durmak maksady bilen, taraplaryň tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Miroslaw Laýçek milli Liderimize Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ähmiýetli orun berilýär, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän geňeşmeler şol gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýär.