Habarlar

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
1 Iýun
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni

Şu gün ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni belenilýär. Çagalaryň goramagyň halkara güni tutuş dünýäde indi 60 ýyla golaý wagt bäri bellenilýär we bu baýramçylygyň tomsuň ilkinji gününde - mekdepde dynç alynýan döwrüň başynda – işjeň we hemmetaraplaýyn dynç alynýan, saglygyň berkidilýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilýän wagtynyň başynda bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynda şeýle bellenilýär: 

«Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem asylly däbimize eýerip, Çagalary goramagyň halkara gününi Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy kadalaryna ygrarlydygymyzy, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada yzygiderli alada edýändigimizi alamatlandyrýan baýram hökmünde ýokary ruhubelentlik bilen giňden belleýäris».

«Biz mähriban çagalarymyzy beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmek üçin hemişe alada ederis».