Habarlar

Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň içinde «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlary
11 Iýun
Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň içinde «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlary

TDH habar bermegine görä, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

«Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlaryň taslamalary parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri depginli senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny galkyndyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şonuň netijesinde Türkmenistanda çykarylýan önümleriň möçberleri artýar hem-de gerimi giňeýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi täze senagat we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, şol sanda telekeçileriň giňden gatnaşmagynda şeýle kärhanalaryň gurulmagy daşary ýurtlardaky şonuň ýaly harytlara üstünlik bilen bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Deputatlar şeýle hem «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.