Habarlar

Halkara resminamalary kabul edildi
11 Iýun
Halkara resminamalary kabul edildi

TDH habaryna laýyklykda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary bilen şu aşakdaky halkara resminamalar tassyklandy: 

«Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama», «Halkara Zähmet Guramasynyň 1976-njy ýylyň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýasyna», «2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnama », «Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalary», «Maýa goýumlary we eksport karzlary ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalary».

Şeýle hem, «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.