Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň tertibi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda çykaran 638/197-Ö/275 belgili buýrugy bilen tassyklandy Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi I. Umumy düzgünler 1. Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çägine goýbermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksi