Okuw esbaplaryny Türkmenistanyň gümrük serherinden geçirmegiň tertibi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 2010-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 46/94 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 15-nji martynda 517 san bilen bellige alyndy. Okuw esbaplaryny Türkmenistanyň gümrük serherinden geçirmegiň tertibi 1. Şu Tertip Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, «Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we okuw esbaplaryny (depderler, umumy depderler, okuwcy