Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, biz iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, i...