Milli Liderimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap daýhan birleşiginiň çäginde “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap , işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkay amala aşyrylýar. Ýylylygyň, çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýyglanan möhleti taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.