Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady
Düýn Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.