Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.