Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda, ýurdumyzyň çäginden geçýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryna gatnaşýan gümrük dellallarynyň hem-de ýük we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak işlerine gatnaşýan «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň we «Asman oky» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.