|
| ||
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy - Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün edýän Döwlet edarasydyr. 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, häzirki wagtda milli tejribelere esaslanyp, halkara hukugynda umumy ykrar edilen ýörelgelerinden we binýatlyk düzgünlerinden ugur alyp gümrük kanunçylyklaryny döwrebaplaşdyrýar hem-de iň kämil derejelerde gümrük edaralarynyň desgalaryny täzelemek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny güýçlendirmek, döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen online görnüşinde elektron gümrük işini amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýar. Döwletimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda tiz depginlerde özgerýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde gümrük işgärleriniň hünär we tejribe taýýarlygyny ýokarlandyrýar. Türkmenistan Bütindünýä Gümrük Guramasynyň agzasydyr.
Gümrük gullugynyň düzümine merkezi edara we onuň ýanyndaky Okuw merkezi, 6 sany gümrükhana, 46 sany gümrük posty girýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň düzümi: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Bellik | |||
