Habarlar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi
10 Ýan
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 2016-njy ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi

     2017-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.

    Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, Täze, 2017-nji ýyl üçin esasy çäreler we wezipeler kesgitlenildi.

    Mejlisde Watanymyzyň mukaddes serhetlerini hüşgärlik bilen goramak wezipesini ýerine ýetirýän serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň ussatlygyny we söweşe ukyplylygyny artdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berildi. Şeýle hem ähli zerur şertleri özünde jemleýän serhet galalarynyň täze binalarynyň we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini habar berildi. Neşe  serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda zyýanly endiklerden ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça geçirýän işleri barada aýratyn durlup geçildi. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça görlen çäreler, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

    Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi. 

    Ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň artdyrylýandygyny nazarda tutup, harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek hem-de raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak, olara ýurdumyzyň raýatlygyny bermek baradaky kanundan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň Aziýa ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýaryşlaryň geçirilýän günlerinde degişli tertip-düzgüniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelerde wajyp orun eýeleýändigini belledi. 

    Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara harby atlary dakmak hakynda resminamalara we “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek we olaryň teswirlerini hem-de şekillerini tassyklamak hakyndaky” Permana gol çekdi.